img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat diňlenildi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa Sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak babatdaky halkara konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär hem-de bu ugurda dünýä bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Şunuň bilen birlikde, mejlisde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri we olaryň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.