Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy K.Amakawa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda K.Amakawanyň JBIC bankynyň başlygy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edilip, Türkmenistan bilen JBIC bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, JBIC banky Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan ykdysady taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky Gazdan benzin öndürýän zawod (GTG-1), Garabogazkarbamid zawody, Çärjew döwlet elektrik stansiýasy we beýleki iri taslamalar bar.
Şeýle hem duşuşykda JBIC bankynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda sirkulýar ykdysadyýet babatda taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.