Türkmen-ýapon ylym-bilim we tehnologik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 2–8-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A. Aşirowyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Y. Orazowyň düzüminden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym-bilim we tehnologik ulgamynda iş alyp barýan birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy guramalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň esasy maksady iki ýurduň arasynda alnyp barylýan ylmy, bilim we tehnologik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak, bar bolan gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Şol sanda türkmen wekiliýeti Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy H. Koinuma, Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň professory Yuji Matsumoto, Hirosaki uniwersitetiniň professory Kenji Itaka hem-de Tohkemy Corporation kompaniýasynyň wekili M. Yamazumi bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen degişli ýapon guramalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ozal baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň, Hirosaki uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň, Tohkemy Corporation kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň, şeýle hem Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebi bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň arasynda talyplaryň alyş-çalşygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagyny ösdürmek hem-de bilim maksatnamalary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklarda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek, ylmy maslahatlary we okuw-seminarlaryny bilelikde guramak, alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki alyş-çalşygyny giňeltmek, ýaş gözlegçileriň ylmy taslamalara gatnaşmagyny höweslendirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary, inženerçilik, emeli aň, innowasiýalar we beýleki ileri tutulýan ylmy ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.
Geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalary we tehnologiýa kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bilim we ylmy-barlag mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni okuw we ylmy işlere ornaşdyrmak maksady bilen Ýaponiýanyň degişli ýokary okuw mekdepleri we guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.