img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

photo

03-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň Prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory we Wekilçilikli direktory Eýji Hosoini kabul etdi.

Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmaga we uzak möhletleýin taslamalary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde goşýan saldamly goşandyny belläp, gaz we himiýa pudaklarynda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk tejribesine ünsi çekdi.

Hususan-da, Hormatly Prezidentimiz «Toyo Engineering» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Gyýanlyda gurlan polimer önümçiligine ýöriteleşen gaz-himiýa toplumynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda bilelikdäki senagat başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmegiň we halkara ekologik standartlaryny berk berjaý etmegiň esasy ölçegler bolup galýandygy bellenildi.

Eýji Hosoi ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy üçin hoşallyk bildirip, «Toyo Engineering» kompaniýasynyň öz üstüne alan ähli hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýokary jogapkärçilik bilen ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigine ynandyrdy.