13th Senior officials meeting, Central Asia+Japan
2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde özara düşünişmek we dostlukly ýagdaýda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahaty geçirildi.
Maslahat 2 günläp dowam edip, onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda çäräniň gidişinde syýahatçylyk, ulag-logistika, oba hojalyk we suw, söwda-ykdysady, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikirler alşyldy. Türkmen tarapy öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşe gönükdirilen syýasatyndan ugur alyp ýokarda agzalan ugurlar boýunça öňe gidişlik gazanmak maksady bilen Merkezi Aziýa sebitinde we Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyň beýan etdi. Bu ugurda esasan hem Türkmenistanyň Araly halas etmek, BMG Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde sebitde ýüze çykyp biljek meseleleriň öňüni almak, Owganystana ýardam bermek ýaly tagallalary bellenip geçildi. Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolsa, 2018-nji ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Tokio şäherine eden saparyna aýratyn oruna berildi. Çünki türkmen hem ýapon taraplary bu saparyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň şübhesiz ikitaraplaýyn gatnaşyklara özüniň oňyn täsirini ýetirjekdigi barada bellediler.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda döwletleriň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurda esasan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklara ýokary baha berip, geljekde hem bu gatnaşyklary has-da giňeltmeklige ylalaşdylar. Türkmen tarapy pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Osaka şäheriniň “EXPO 2025” Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanmagy bilen gutlady.
Agzalan hyzmatdaşlyk meselelerinden daşary maslahatyň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Duşenbe şäherinde geçirilmeli Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatynyň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahatynyň 2-nji gününde bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilýetleriniň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary jenap Kenji Ýamada tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda ýapon tarapy sebitleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga oňyn baha berdi.
Şol gün, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde geçirilmeli Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatynda kabul ediljek Bilelikdäki beýannamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.