Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edip, öňdengörüjilikli we giňmöçsberli strategiýanyň başyny başlady. Şol strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda sport hereketiniň giň gerime eýe bolmagyny hem-de uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän oňyn syýasaty özüniň aýdyň netijelerini berýär. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de biziň türgenlerimiziň gazanan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdsyň subutnamasydyr. Türgenlerimiz ýaryşlaryň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn hasapda ynamly birinji ýeri eýelediler. Bu ajaýyp üstünlik sport döwleti hökmünde bitirap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da berkitdi, türkmen spotunynyň abraýyny täze belentliklere göterdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda bedenterbiýäniň we sportuň adamyň hem-de jemgyýetiň durmuşynda eýeleýän möhüm orny hem-de ähmiýeti açylyp görkezilýär. Çünki sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanda ruhubelentligi, maksada okgunlylygy we ýeňşe bolan erk-islegi terbiýeleýär, kämillige tarap ýol açýar.
Täze neşiriň sahypalarynda şeýle hem Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylan ägirt uly işler hem-de häzirki wagtda görülýän möhüm çäreler, türkmen halkynda köpasyrlyk şöhratly däplere eýe blan sportyň milli görnüşleri barada gürrüň berilýär.
Häzirki döwürde türkmenistanlylaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň öňünde sportyň dürli görnüşleri, şol sanda gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Kitapda Tükmenistanda sportuň baý taryhy barada hem gürrüň berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iri halkara ýaryşlaryny guraýjy hökmünde ýurdumyz özüniň tejribesini ýylsaýyn baýlaşdyrýar. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, bu ugurda sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, täze kitapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, olaryň maksatnamalaryna hem-de gatnaşyjylaryna aýratyn üns berilýär. Ozal geçirilen Aziýa oýunlary hem-de olaryň netijeliri barada hem maglumatlar getirilýär.
Kitabyň bölümeriniň biri Türkmenistanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyplyklaryna bagyşlanýar. Olaryň hatarynda dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionyny bezeýän ahalteke bedewiniň çeperçilik keşbi hem-de Olimpiýa şäherçesindäki dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde sportuň suw görnüşleri merkezi bar. Bu merkeziň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar hem-de ýokary halkara ölçeglerine lýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy.
Kitabyň aýratyn bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlary hem-de milli Liderimiziň halkara forumlaryna we maslahatlaryna gatnaşyjylara iberen gutlaglary ýerleşdirildi. Kitap döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenlerine Ýüzlenmesi bilen jemlenýär.
Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary derejede çap edildi hem-de owadan suratlar bilen bezeldi.