GDA-nyň Sammitinde Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirilmeginiň strategiýasy bellenildi
Mälim bolşy ýaly, Soçide geçirilen Sammitde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite konsepsiýanyň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.
10-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi, onda kabul edilen resminama laýyklykda, Türkmenistan üçin Ýerine ýetiriji komitetiň guramaçylyk departamentiniň direktorynyň orunbasarynyň wezipesiniň berkidildi. Mejlisde şeýle hem 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2020-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy kabul edildi.
Şundan ugur alyp, türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek, GDA ýurtlarynda sportuň şu görnüşi boýunça milli federasiýalary döretmek boýunça işleri geçirmek, göreş boýunça türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumy bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň, onuň energetika, ulag we söwda meseleleri bilen meşgullanýan düzümleýin ederalarynyň işiniň gün tertibi üçin anyk teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Durmuş we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek GDA-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soçi şäherinde geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň maşgala institutyny we gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny goldamak baradaky Beýannamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bu babatda Türkmenistanyň gazanan tejribesi bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň beýleki ýurtlaryny tanyşdyrmak boýunça çäreleri öz içine alýan 2018-2019-njy ýyllar üçin Hereketleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly GDA-da “Binagärlik we şähergurluşyk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç GDA-nyň Soçide geçirilen Sammitine gatnaşan döwlet Baştutanlarynyň ählisiniň goldawyna mynasyp boldy. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylar hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine iberiler.