Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. 

Duşuşygyň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň ulag ulgamynda özara peýdaly gtanaşyklary berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýa ulag geçelgeleri ulgamynda sebitiň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga Hazarýaka ýurtlarynyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, Hazaryň ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri, onuň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” yklymlaýyn ugurlaryň çatrygynda bolmagy bu möhüm ugurda goňşy döwletleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny, deňizde ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak, şeýle hem netijeli aragatnaşygy ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagyň möhümdigini äşgär edýär. 

Şu ýylyň maý aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ulag we aragatnaşyk boýunça Halkara maslahaty Ýewraziýa giňişliginde, şol sanda Orta Aziýa, Hazar we Gara deňizleriň sebitlerini baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň ösüşiniň geljekki ugurlarynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny köpugurly esasda ösdürmek wezipelerine bagyşlandy. 

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygy bellenildi. Oňa laýyklykda, geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. 

Häzirki döwürde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň däp bolan gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilimegine gönükdirilen birnäçe täze kadalaşdyryjy- hukuk namalarynyň taslamalary boýunça meseleleri ylalaşmak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitinde öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýrlanan ulag babatda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyk bar. 

Mundan başga-da, Hazar deňzinde ýüzüş howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnama bilermenleriň garamagyna hödürlendi. Ol deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň agzalarynyň we ýolagçylaryň janyny, saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olaryň daşaýan ýükleriniň degişli derejede saklanmagyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça işlenip taýýarlanylan bu resminama 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň III Sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirmäge gönükdirilendir. 

Hazar deňziniň portlarynyň halkara derejesini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, olaryň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler duşuşugyň esasyny düzdi. 

Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň möhüm logistik bölümine öwrülmäge niýetlenen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirildi. Ol deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak arkaly ýük daşamagy utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. 

Bu iri maýa goýum taslamasynyň bahasy AŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna barabardyr. Onda gämi, ýolagçy we konteýner terminallarynyň desgalary jemlener. Topluma umumy ýük terminaly, dökülýän ýükleriň terminaly, polipropilen ugratmaga niýetlenen terminal, şeýle hem gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş zawodlary bar. 

Ýylda 17-18 million tonna ýük geçirmäge ukyply köpugurly portuň umumy eýeleýän meýdany 1 million 400 müň inedördül metre deňdir. Ol iň täze enjamlar, göteriji-ulag tehnikalary, ýükleri gaýtadan işlemäge niýetlenen ýöriteleşdirilen enjamlar, döwrebap tehnikalar toplumy, ýük daşamak hem-de beýleki işleriň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün edýän zerur bolan tehnikalar, şeýle hem daşky gurşawy goraýan serişdeler bilen üpjün edilýär. Deňiz menziliniň çäginde gämileriň hereketine, onuň ähli bölümlerinde ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik işleri awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň, elektron tehnologiýalaryň we anyk wagt tertibinde işleýän enjamlaryň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Port düzüminiň taslamasynyň halkara ülňülerine, “Ýaşyl port” kadasyna laýyk derejede işlenip taýýarlanylandygyny, onda ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplarynyň göz öňünde tutulandygyny bellemeli. 

Şeýlelikde, Türkmenistan iri halkara ulag-üstaşyr merkezi hökmünde we Hazar sebitinde bolşy ýaly, ählumumy möçberde döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine ukyply bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny giňeldýär we pugtalandyrýar. 

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek bellenildi. Onda Hazarýaka döwletleriniň arasynda gämi gatnawyny we port düzümini ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlarynyň giň meseleleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar öz beýanyny tapar.