Owadandepedäki zawod—tebigy gazy işleýän “barlaghana”
Ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, senagat taýdan ösen ykdysadyýeti döretmek maksadynda ileri tutulýan milli ugurlary üpjün etmek, ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
Umuman, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak dünýä we sebit derejesinde ykdysady syýasaty amala aşyrmak bilen bagly bolan çäreler ulgamy arkaly geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu eksport kuwwatyny artdyrmak üçin şert döreder, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kuwwatlyklary döretmäge mümkinçilik berer. Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän iri zawod munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Desgany buýrujynyň — “Türkmengaz” döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan bu özboluşly kärhanada dünýä tejribesinde ilkinji gezek tebigy gazdan suwuk ýangyjy uly möçberde almak işi amala aşyrylar. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanan “GTG”-Gas to gasoline” taslamasy her ýylda gazyň 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.
Bu tehnologiýanyň ulanylmagy netijesinde gazyň düzüminde wodorodyň we uglerodyň monoksidinyň gatnaşygyna baglylykda, himiki düzümi boýunça nebit önümlerine ýakyn suwuk uglewodorodlary sintezrlemek bolýar. Şeýle sintetiki ýangyç örän gowy ekologik häsiýetnamalary bilen tapawutlanar—onda daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kükürtli birleşmeler, azotly organiki birleşmeler bolmaz. Tebigat hem-de adamlaryň saglygy üçin howpsuzlyk döwrebap innowasion önümçilikleri döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz talaby bolup durýar.
Kärhana üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden - ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan döwrebap enjamlar satyn alyndy. Mysal üçin, reaktorlar Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy hem-de “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” ýapon kompaniýasy tarapyndan getirildi. Uly komressorlaryň getirilmegini bolsa “Mitsubishi” kompaniýasy üpjün etdi, önümçiligi dolandyrmak üçin programma üpjünçiligini “Ýokogawa” şereketi taýýarlady, dizel desgalaryny MAN nemes maşyngurluşyk kompaniýasy getirdi.
Gurluşygy dowam edýän zawod ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen üpjün edilen ägirt uly himiýa barlaghanasyny ýadyňa salýar. Mysal üçin, ýapon hünärmenleriniň teklip eden gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça iş tehnologik desgalarynyň tutuş tapgyrynyň gurulmagyny talap etdi. Ozaly bilen, tebigy gazy düýpli arassalamak, gazyň, metanolyň birleşmesini almak we benzini almak boýunça desgalar oturdyldy. Şeýle “barlaghanada” örän uly temperaturalarda we uly basyş bilen çylşyrymly himiýa täsiri—gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işi amala aşyrylýar.
Baş turba geçirijiden gelip gowşan tebigy gaz ilki bilen gidrogenizirleýji we desulfurizirleýji reaktorlarynda ýokary hilli katalizatoryň kömegi bilen garyndylardan (kükürtden we kükürtli birleşmelerden) arassalanylýar. Nobatdaky bölümde çig-mal arassalanan gaz görnüşinde zerur bolan derejä çenli bug bilen garylar. Haldor Topsoe katalizatorynyň kömegi bilen bugly reformingiň barşynda ýokary uglewodorodlaryň bölünmesi bolup geçer: tebigy gaz sintez-gaza öwrüler.
Ýokary temperatura çenli gyzdyrylan sintez-gaz awtotermiki reformingiň reaktoryna (ATR) akyp barar, bu ýerde ol substehiometrik möçberde bar bolan kislorod bilen ýanmak täsirine girýär. ATR zolagyndan geçen gaz sowadyjylaryň hataryndan geçer hem-de metanolyň birleşmesiniň reaktoryna ( güwäleýji Haldor Topsoe) baryp gowşar. Metanolyň reaktorlary turba görnüşine eýe bolup, olaryň içinde metanolyň birleşmesiniň katalizatory ýerleşýär, turbalar arasyndaky bölümde bolsa-gaýnap duran suw bolýar, bu bolsa birleşme işinde bölünip çykýan ýylylygy netijeli aýyrmagy üpjün edýär.
Soňra metanol-çig mal metanolyň birleşmesiniň konturyndan benziniň birleşme bölümine akyp barýar, bu ýerde separasiýa, fraksionirleme, regenerasiýa, hili gowulandyrmak hem-de ahyrky önümi benzin bilen garmak boýunça iş amallarynyň birnäçesi bolup geçýär.
Bu işleriň bolup geçjek tehnologik zolagynda tebigy gazyň konwersiýasyny üpjün edýän ähli bölümleriň enjamlary oturdyldy. Olar—rezerwuarlardyr reaktorlar, ýylylyk çalşyjylardyr sütünler, tehnologik peçlerdir separatorlar, kompressorlardyr.
Suw hereket edýän tehnologiýanyň esasyny düzýär. Ol gazyň birleşmesi alnanda bug görnüşinde hem bolýar, metanolyň birleşmesiniň reaktorlarynyň turbalar arasyndaky giňişlikde sowadyjy suwuklyk görnüşinde hem bolýar. Bu ýerde temperatura müň gradusa ýetip bilýär. Täze kärhanada tehnologik suwy arassalamagyň we soňra ony regenirlemegiň köp basgançakly ulgamynyň göz öňünde tutulmagy tötänden däldir.
Döwrebap enjamlary ulanmagyň hasabyna suwuň 87 göterimi gaýtadan ulanmak üçin saklanyp galýar. Gyzdyrylan suw bugy kompressorlarda we nasoslarda ulanylar, şeýle hem kärhananyň energetika özbaşdaklygyny üpjün eder: onda oturdylan bugda tutuş işleýän turbinalar tutuş zawody elektrik energiýasy bilen doly üpjün eder.
Kömekçi ulgamlar bölüminde enjamlary, suwy durlaýjylary, filtrleri, gradirneleri, boýlerleri, bugardyjylary we beýleki kömekçi enjamlary sazlamak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.
Tutuş tehnologik zolagyň merkezinde estakada guruldy, onuň üsti bilen dürli bölümlere inženerçilik ulgamlary çekildi. Ýerasty turba geçirijileri, ýangyna garşy we lagym ulgamlaryny sazlamak boýunça işler tamamlanyp barýar.
Gurluşyk meýdançasynda daşary ýurtly hünärmenleriň 700-den gowragy hem-de ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan işçileriň we inženerleriň 4700-den gowragy zähmet çekýär. Olara birleşdiriji turba geçirijileri sazlamak boýunça işleriň uly möçberini ýerine ýetirmek, inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek, dolandyryş binasynyň hem-de distansion dolandyryş pultuny, taýýar önümleri demirýol we awtomobil çeleklerine guýujy bölümiň gurluşygyny tamamlamak işleri garaşýar. 7 kilometrlik eltiji gaz geçirijiniň we 26 kilometrlik suw geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmegiň, onuň tehnologik howpsuzlygyny artdyrmagyň, uglewodorod serişdeleri satylýan bazarlary giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşini höweslendirmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.