TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTLIGINE SAÝLANDY

ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady.

2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konferensiýasynyň (ÝUNESKO) başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki özgertmeleriniň esasy, möhüm we zerur şerti bolup durýan işjeň, köpugurly daşary syýasatynyň üstünliginiň beýany boldy. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň we  abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde onuň esasy ugurlary medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak bolup durýar.