HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINIŇ WE TOKIO DAŞARY ÝURT DILLERI UNUWERSITETINIŇ ARASYNDA TALYP ALYŞ ÇALYŞY HAKYNDAKY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI

2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň prezidenti Hirotaka Tateişi we wise-prezidenti Sukero Ito bilen duşuşyk geçirildi. Ýapon kärdeşleriň ýurdumyza bu sapary ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu duşuşygyň dowamynda türkmen okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň wise-prezidenti Sukero Itonyň okuw sapagy gurnaldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy meseleleri barada gyzyklanma bildiren gepleşik geçirildi.

Ýapon wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň arasynda talyp alyş çalyşy hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ähtnamanyň esasy maksady – talyp alyş-çalyşygyny amala aşyrmak we aktual ylmy gözleglerini geçirmek. Eýýam nobatdaky 2017-2018-nji okuw ýylynda türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okamaga mümkinçiligi bolar.

Iki tarap hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge itergi berjek Ähtnamany iş ýüzünde amala aşyrmaga taýýarlygyny bildirdier.

Belli bolşy ýaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýapon medeni-bilim beriş merkezi netijeli hereket edýär. Ol dine bir bu ýokary okuw jaýynyň talyplary we mugallymlary üçin gurnalman, eýsem ýapon dilini öwrenmage, bu ýurduň taryhy we medeniýeti bilen tanyşmaga gyzyklanma bildirýanleriň ählisi üçin gurnaldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine saparyň çäginde ýapon myhmanlary üçin ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda tematiki sergi we konsert gurnaldy.