TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda golaýda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy üpjün etmekde aýratyn orun eýeleýärler. Munuň özi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ýagdaýlaryň çalt üýtgeýändigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir.
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk baý tejribesiniň we asylly däpleriniň häzirki döwürde iki döwletiň ösüşiniň täze ýagdaýlaryna hem-de isleglerine laýyklykda baýlaşdyrylýandygy nygtaldy. Şunda taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan üstünlikli peýdalanmak üçin mundan beýläk-de zerur çäreleri görmäge meýillidigi tassyklanyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Baştutanlary dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.