TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝEDÄKI ILÇIHANASY “HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY” ÝYLY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRDI

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ankara şäherinde  2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi.

Brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzalary, Ankaranyň Etimesgut etrap häkiminiň orunbasary Alaatdin Sonat,  Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, Palatalar we biržalar birleşiginiň daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň käbir deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türk kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň başynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumuzyň gazanan üstünlikleri, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylar görkezildi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi ýurtda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada çykyş etdi. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda bolup geçen uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslatatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilendigi, onuň dowamynda mähriban Watanymyzy täze döwürde ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň we beýleki örän wajyp kararlaryň kabul edilendigini mälim etdi. 

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, deputatlar Ibrahim Aýdemir we Bedri Ýaşar we beýlekiler özleriniň çykyşlarynda “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini, ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlanmagyny arzuw etdiler.

Şeýle hem çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.