BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY DÜZÜM BIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY SAÝLAWLARY GEÇIRMEK IŞLERINE GATNAŞÝAN HÜNÄRMENLER ÜÇIN OKUW-MASLAHATYNY GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 2-nji martynda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw-maslahaty geçirildi. Ol saýlawlara taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde milli hünärmenleriň tejribesini kämilleşdirmäge bagyşlanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde guraldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň - Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlary geçirmegiň jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakdaky hem-de her bir raýatyň ýurduň geljegi baradaky jogapkärçiligine düşünmegindäki ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, okuw-maslahatynda hut şu gün – 2-nji mart güni Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen gününe 30 ýyl dolandygyna üns çekilip, bu şanly senäniň uly ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň bu iri abraýly Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň netijeli gatnaşyklary alyp barýandygy bellenilip geçildi.
Okuw-maslahatynyň dowamynda häzirki guralýan çäräniň maksady barada hem aýdylyp, onuň wajyp syýasy waka bolan saýlawlara taýýarlanmak we olary geçirmek, bu ugurda milli hünärmenleriň tejribesini kämilleşdirmek üçin Türkmenistana goldaw bermek maksady bilen guralýandygy barada durlup geçilip, onuň demokratiki gymmatlyklary öňe sürmäge kömek etjekdigine ynam bildirildi.
Çäräniň dowamynda saýlawlary guramak we bu çäräniň geçirilmeginde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.