ÝAPONIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARY DEREJELI AGZALARY BILEN DUŞUŞYKLAR

2022-nji ýylyň 2-nji martynda Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň (LDP) binasynda ilçi G.Elýasow Ýapon-Türkmen dostluk toparynyň başlygy, Liberal Demokratik partiýasynyň Saýlaw strategiýasy komitetiniň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Şeýle hem, şol gün Ilçi G.Elýasow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Kiuçi Minoru bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Döwlet ministri, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Hitoşi Kikawada we beýleki deputatlar gatnaşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berdiler we parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.