TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Prezident Wladimir Putin milli Liderimizi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýeten Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry bolan Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny mälim edendigini belledi hem-de milli Liderimiz şundan ugur alyp, mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge we bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde sazlaşykly ösýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi barada aýdyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işleriň netijeli häsiýetini görkezýändigi bellenildi. Şol birwagtyň özünde bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin netijeli döwletara gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Wladimir Putin Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti öz tarapyndan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Russiýanyň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etmäge taýýardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn däbiniň kemala gelendigi bellenildi. Bu bolsa uzakmöhletleýin, ikitaraplaýyn bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň degişli strategiýasyna doly gabat gelýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.