TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine nobatdan daşary saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Şu syýasy çäre türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini hem-de raýatlyk borçlaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini hem-de halkara abraýynyň has-da belende galandygyny belledi. Aşgabat iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Täjigistan türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar hem-de doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandy, şeýle hem netijeli bilelikdäki işi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täjik Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Täjigistanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady, bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Täjigistanyň Baştutany öz kärdeşi bilen gadyrly salamlaşyp, ony Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, köp ýyllaryň dowamynda berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň öňki döwlet Baştutanynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etmäge, bu gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek boýunça tekliplerini hem-de başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, türkmen we täjik halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.