Aşgabatda Halkara talyp sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada resmi sapar bilen gelen Halkara talyp sporty federasiýasynyň (FISU) prezidenti Oleg Matysinyň ýolbaşçylygyndaky bu guramanyň wekilýeti bilen duşuşyk boldy. 

Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda talyp sporty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň degişli sport gurluşlarynyň FISU bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmalydygy barada pikir aýtdylar. DIM-niň wekilleri bu meselede ýardam etmäge taýýardyklaryny bellediler. 

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesine baryp gören Oleg Matysin döwrebap sport binalary toplumyna haýran galandygyny aýdyp, onuň binalarynyň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini we iň abraýly halkara ýaryşlaryny kabul edip biljekdigini nygtady. 

FISU-nyň prezidentiniň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy sport hereketinde öňdäki orunlary eýeleýändigine, halkara gatnaşyklarynda sport diplomatiýasynyň ähmiýetine uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmmatdaşlygyň wajyplygyny nygtadylar we ony işjeňleşdirmäge isleg bildirdiler.