TOKIODA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY BELLENILDI
2022-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň çäklerinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi.
Agzalan çäre Ýaponiýanyň Işjeň Halkara Assosiasyýasy (AIA) bilen bilelikde geçirilip, oňa türkmen diplomatlary bilen bir hatarda Ýaponiýanyň medeniýet, sungat hem-de işewürlik bilen meşgullanýan raýatlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow bu çäräniň açylyşynda çykyş edip, Milli bahar baýramynyň kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini, Nowruzyň dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biridigini belläp geçdi.
Şunuň bilen brilikde, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulandygyny belläp, 2010-njy ýylda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» hökmünde yglan edildigini aýtdy.
Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan, türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklarynda 30 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, türkmeniň medeni mirasy, däp-dessurlary, milli egin-eşikleri, tagamlary bilen giňden tanyşdyryldy.
Mundan başga hem, çäräniň dowamynda myhmanlar türkmen palawynyň bişirlişi bilen tanyşdyrylyp, olara türkmen tagamlary hödür edildi. Çäräniň ahyrynda Ýaponiýanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde dutarda türkmen aýdymlary aýdyldy.