TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada maglumat berildi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysyna geçirilen saýlawlara synçylar toparyny iberendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Öz gezeginde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary YHG-nyň agza-döwletleriniň ählisiniň musulman ymmatynyň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meseleleriniň çözülmegi üçin ähli tagallalaryny birleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-nyň işine gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.