HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär.
Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar.
Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugraýar.
2-nji aprelde irden Hindistan Respublikasynyň Prezidenti «Оguzhan» Köşker toplumyna ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi «Rowaç» otagyna çagyrdy, bu ýerde ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleri gysga formatda geçirildi.
Iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň işjeň gepleşikleriniň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde iki döwletiň arasyndaky däp bolan gatnaşyklar uzak taryhy kökleriň hem-de hoşmeýilli erkiň esasynda, şol bir wagtyň özünde köpugurly görnüşinde hem has-da pugtalandyrylýar. Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana nobatdaky sapary döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine itergi berýär.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind şonuň ýaly-da özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň derwaýys ugurlary babatynda hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň tamamlanmagyndan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar köpugurly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, türkmen we hindi halklarynyň hem-de biziň döwletlerimiziň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Hindistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygyny, olaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasynda has berk we ygtybarly dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýat edilmegine itergi berjekdigini bellediler.
Soňra, Ram Nath Kowind Gypjak obasyna bardy, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy.
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýligähinde agaç nahalyny oturtdy.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.