TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL
2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.
Dabaraly çäräniň işine Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň (onlaýn formatda) we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlary, daşary ýurt döwletleriniň RF-nda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan oňyn daşary syýasatyny alyp barmak bilen, yzygiderli ählumumy parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerýär.
Ähli çykyşlarda Türkemnistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti beýan edildi, biziň ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny we ýeri aýratyn bellenildi.