WENADA AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANAN HALKARA WEBINAR GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy Türkmen-Awstriýa Jemgyýeti bilen bilelikde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30-ýyllygyna bagyşlanan “Ahalteke bedewleri – Türkmen halkynyň ganatlarydyr” ady bilen Halkara webinar geçirdi.
Ahalteke bedewlerine bagyşlanan webinara Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Awstriýa, Wengriýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň Ahalteke bedewleriniň janköýerleri şeýle hem jemgyýetçiligiň, habar beriş serişdeleriniň we türkmen kowçumynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Wengriýanyň Ahalteke atlary assosiýasiýasynyň prezidenti jenap Nýeki Ýožef Gýula, Awstriýnyň Ahalteke atlary assosiýasiýasynyň başlygy jenap Markus Hubman, Fransiýanyň oba hojalygy we azyk ministrliginiň ýanyndaky Atçylyk sungaty we atlary idetmek institutynyň Baş direktory jenap Žan-Roş Galýe hem-de Türkmen-Awstriýa Jemgyýetiniň baştutany hanym Neda Berger dagylar çykyş edip, bu webinaryň arassa ganly bedewleri ýetişdirmek bilen meşgullanýan Ýewropaly we beýleki ýurtlaryň atşynaslary üçin pikir alyşmaga möhüm onlaýn duşuşyk bolandygyny nygtadylar.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowa “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” taslamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara derejesinde atçylygy ösdürmäge goşýan gymmatly goşandy üçin webinary gurnandyklary we oňa çagyrandyklary üçin gurnaýjylara minnetdarlygyny bildirdiler we halkara derejesinde atçylyk sungatyny ösdürmek we berkitmek meselelerini öz içine alýan Türkmenistanyň başlangyçlaryna özleriniň goldawyny beýan etdiler.