Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler
Biziň türgenlerimiz ýylyň başyndan bäri abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar.
Kikboksing boýunça biziň ýygyndy toparymyz Helsinki şäherinde geçirilen Finlýandiýanyň açyk çempionatyna gatnaşdylar. Sylaglar ugrunda ýüzden gowrak türgen, şol sanda Şwesiýadan, Litwadan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan türgenler bäsleşdiler.
Bu bäsleşikde biziň türgenlerimiz jemi 12 medaly gazandylar. Olaryň bäşisi altyn, üçüsi kümüş, dördüsi bolsa bürünç medallardyr.
Kikboksingiň “K-1”görnüşi boýunça geçen bäsleşikde Türkmenistanyň toparyna türgenlerimiziň 12-si wekilçilik edip, olaryň ählisi medal eýelemegi başardy. Erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde geçen bäsleşikde çykyşlar aýratyn hem üstünlikli boldy. Şunda Pygy Sylabow (“Aşgabatda 2017” Oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi) birinji orny eýeledi, Ýazberdi Paýanow kümüş, Hudaýguly Kömekow bolsa bürünç medallary eýelediler.
Biziň erkekler toparymyz bu çempionatyň altyn medallarynyň ýene-de dördüsini gazanmagy başardylar. Finalda Muhammet Gurbanow (75 kg) fin türgenini ynamly ýeňdi. 71 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny almak ugrunda geçen ýaryş has-da çekeleşikli boldy. Onda Akmyrat Akyýewe Estoniýadan gelen türgeni ýeňmek başartdy. Mundan başga-da Gadam Abdyýew ( 67 kg) we Ýusup Ahmetjanow (51kg) altyn medallaryň ýene-de 2-sini eýelediler.
Tamamlaýjy tapgyrlarda Çarygylyç Tagangylyjow (63,5 kg) we Aýgözel Gurbangeldiýewa (52 kg) Finlýandiýadan bolan kikbokserlardan asgyn gelip, kümüş medallara mynasyp boldular.
Bäsleşikde Azamat Jumakulyýew (81 kg) hem-de Aşgabat 2017-niň Oýunlarynyň kümüş baýragynyň eýesi Gülzada Jorakulyýewa (70 kg) we V Aziadada bürünç medaly eýelän Saýýara Bahramowa (56 kg) çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.
Şol günler Krasnoýarskide (Russiýa Federasiýasy) geçen “Gran-pri Iwan Ýarygin” erkin göreş boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň milli Sport we syýahatçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 74 kilograma çenli agramda çykyş edip, bürünç medaly eýeledi.
ABŞ-dan bolan bäsdeşini 13:0 hasaby bilen ýeňen biziň türgenimiz çärýek finalda bäsleşigiň esasy güýçli türgeni bolan russiýaly Hetik Sabolow bilen başa-baş bäsleşmeli boldy. Onda biziň türgenimiz gran-priniň geljekki ýeňijisinden ýeňildi.
Bürünç medal almak ugrundaky ýaryşda D.Orazgylyjow Mongoliýadan gelen türgen bilen bäsleşdi. Hasap biziň peýdamyza 9:0 bolanda garşydaş türgen bäsleşmegi bes etdi.