RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Noý

HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapdan  Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligi...

DOWAMY
16 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNA BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda, Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda A.L.Owerçugyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy hem-de...

DOWAMY
14 Noý

UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Muhammat Tezikuba Kisambira  özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Türkmen paýtagtyna geldi. Taraplar mähirli salamlaşandan soň, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde ýokary derejeli...

DOWAMY
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bu nukdaýnazardan, türkmen-hytaý ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dinamikasynyň esasan iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasy...

DOWAMY
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ZÄHMET STANDARTLARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet standartlary Departamentiniň Direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda HZG-nyň agzasy bolmak bilen Türkmenistanyň hemme raýatlar üçin mynasyp iş we sosial adalat üçin şertler döretmek syýasatynda ygrarlydygy bellendi. Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýa...

DOWAMY
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDILER

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna Stambulda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna, şikes ýetmelere we ejir çekmelere getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.   Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy 14.11.2022

DOWAMY
14 Noý

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda 2022-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlar üçin bilimiň häzirki şertleri we geljekdäki mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi. Maslahata Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişd...

DOWAMY