SOŇKY HABARLAR
Ýapon lukmanlary endoskopik hirurgiýa boýunça tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar
Fukuokadaky Kýuşu milli uniwersitet hassahanasynyň lukmanlary häzirki günlerde Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamanyň çäklerinde ýapon lukmanlary öz tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar. Ýapon myhmanlary Aşgabat şäherinde ýerleşýän lukmançylyk merkezlerine baryp görmegiň dowamynda, bu merkezleriň enjamlaryna ýokary baha berdiler. Saparyň dowamynda ýapon lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen birlikde hassa...
Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine «Kasumi Kaikan» ýapon assosiasiýasy tarapyndan kitaplar sowgat berildi
2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki Hiroşi Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine baryp gördi. Saparyň dowamynda «Kasumi Kaikan» kitap sowgat maksatnamasynyň çäginde Kasumi Kaikan assosiasiýasy tarapyndan mekdebe Ýaponiýa baradaky kitaplar sowgat berildi. Çärä ýapon dilini öwrenýän okuwçylar we mugallymlar gatnaşdylar. 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylaryň çykyşlary, şol sanda ýapon aýdymlaryň aýdylm...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Kongres merkeziniň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji k...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Tü...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.
Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanda täze bellenen Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al-Taheriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Katar Döwletiniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gön...
Türkmenistan we AÖB Aşgabatda lukmançylyk orta hünär mekdebi barada Ylalaşyga gol çekdiler
Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) prezidenti Masato Kandanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda duşuşyk geçirildi we agzalan duşuşygyň netijesi boýunça sosial hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny döredýän iki resminama gol çekildi. Duşuşykda, Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda Aşgabatda lukmançylyk orta hünär mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bu bankyň aras...