SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE USAID BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy.. Duşuşygyň dowamynda sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...
ÝAPONIÝANYŇ KOBE ŞÄHERINDE ARKADAG ŞÄHERINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň Kobe şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň häkimi Kizo Hisamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ilçi Kobe şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýadaky...
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...