SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ ETNOGRAFIÝASY WE TARYHY BARADA MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Ýaponiýanyň iň iri sungat muzeýleriniň biri bolan “POLA” muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi. Bu çäre 2016-njy ýylyň sentýabryndan 2017-nji ýylyň mart aýyna çenli “POLA” muzeýinde hereket edýän Türkmenistanyň etnografiýa we şaý-sepler eksponatlarynyň sergisiniň çäklerinde gurnaldy. Agzalan çäräniň dowamynda alym hanym Takako Murata, dizaýner we modelýer hanym Matsura hem-de muzeýiň wekilleri türkmen etnografiýasyna d...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri başlandy
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji maddalaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimihamedow 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlenildi. Dalaşgär hödürlemek çäresi Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi mejlisler jaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgä...
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Maslahat we Kabul edişlik geçirildi
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan, 2016-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Tokio şäherindäki “Palace” myhmanhanasynda “Global durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatynda, Türkmenistanyň başlangyçlary” atly Maslahaty geçirildi we Maslahatyň dowamynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak barada wideorolik görkezildi. Şeýle hem, şol gün Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, resmi Kabul...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýapon diline terjime edilen "Çaý – melhem hem ylham" atly taze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2016-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Ýaponiýanyň Şiga prefekturasynyň iň gözel ýerinde ýerleşýän ady belli “MIHO” muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Çaý – melhem hem ylham” atly ýapon diline terjime edilen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu tanyşdyrylyş dabarasy, şu ýylyň 20-27-nji iýun aralygynda MIHO muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýa muzeýiniň eksponatlaryndan gurnalan serginiň çäklerinde geçirildi. Şu günleriň dowamyn...