SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝANYŇ TALYP ÝAŞLARY TÜRKMEN DILINI ÖWRENMÄGE BAŞLADYLAR
2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny bellemegiň çarçuwasynda Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin türkmen diliniň okadylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Daşary ýurt dillerini okatmak çygrynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwesitetleriniň biriniň maksatnamasyna bu sapagyň girizilmegi, şübhesiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynda wajyp hadysa bolup durýar. Türkmen dili bu uniwersitetde Ýaponiýada aprel aýynda b...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ TANYŞDYRYLŞY GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi. Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmeistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan, Ýaponiýanyň Şinjuku Ritsu Kaşiwagi orta mekdebinde okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda, Türkmenistan barada tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň başynda Türkmenistanyň gözel künjekleri, nepis el halylary, ahalteke bedewleri, milli şaý-sepleri we türkmen taga...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» GATNAŞYGYNYŇ ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERIŇ 10-NJY MASLAHATY GEÇIRILDI
2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň Ýokary wezipeli wekilleriniň 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň wekiliýet ýolbaşçylary we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wek...