SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARY BARADA
Däp bolşy ýaly Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky halkara başlangyçlaryň awtory hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we onuň daşynda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar. Ählumumy dünýä, howpsuzlyk we durnuklylyk – bu Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisindäki hödürlenjek garaýşlarynyň esasy düzümi bolýar. Türkmenistanyň şu daşary syýasy ugry öňü...
PRESS-RELIZ
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklary pugtalandyrmak babatdaky Olimpiýa bosgunlar toparlarynyň gymmat goşantlaryny sylaglamak barada” atly Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etdi. Bu resminama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň agza ýurtlary iri halkara sport çärelerde, şol sanda ilkin...
Türkmenistan we BMG strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyryna çykýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda (ABŞ) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli ileri tutulýan garaýyşlaryny hem-de täze başlangyçlaryny beýan eder. Halkara gün tertibiniň ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, okg...
V Aziada oýunlaryna gatnaşyjylar Aşgabada gelýärler
Şu günler dabaraly açylyşy 17-nji sentýabrda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin müňlerçe daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen paýtagtymyza gelýärler. Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna taýýarlyk boýunça geçirilýän giň gerimli çäreler dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelýän tomaşaçylaryň we janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat Aziadanyň ruhy bilen ýaşaýar. Büt...
AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR
Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ý...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...