SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
Türkmen Liderine Olimpiýa şäherçesiniň Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli güwänamalar gowşuryldy
Milli Liderimiz Aşgabadyň täze, döwrebap Olimpiýa şäherçesiniň “Olimpiýa” stadionynyň münberini bezeýän ajaýyp ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Sportuň suw görnüşleri merkeziniň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanyp, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini tüýs ýürekden bu...
Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medaly almagy maksat edinýär
Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri – Gökdere şypahana zolagynda kuraş boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanyndaky iň soňky türgenleşiklerini geçirýär. — Biz şu ýyl dürli ýurtlarda bolduk, emma hiç ýerde hem bu ýerdäki ýaly amatly ýagdaýlary görmedik — diýip, kuraş boýunça ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Olimjon Haýitow gürrüň berýär. — Dagyň asuda künjeginde mylaýym gün nurunyň astynda biz iň soňky hem-de iň jogapkärli türgenleşikleri geçirýäris, bu tür...
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGSYZLANMAK WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA SYÝASATY
Türkmenistanyň daşary syýasy ideologiýasynyň özeni ählumumy howpsuzlygyň berk we uzakmöhletleýin ulgamyny döretmekde harby däl, syýasy-diplomatik gurallar bilen hemmetaraplaýyn ýardam bermek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi konsepsiýasy, häzirki zaman syýasy ylmyna uly goşant bolmagy bilen, şu günki gün Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde amaly esasy bolup çykyş edýär. Şu ýerde biziň ýurd...
“Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksatnamasynyň çäklerinde futzal boýunça ýaryşlara bije atyldy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Wýetnamyň, Taýbeýiň (Hytaý), Gonkongyň (Hytaý) we Solomon adalarynyň türgenleri bilen “A” toparda çykyş eder. Bu bäsleşikleriň “Aşgabat 2017” oýunlarynda iň gyzyklylarynyň biri boljakdygyny bellemek gerek. Bije atylyş çäresi başlanmazyndan ozal “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jeýms Bulleý dabara gat...
Aşgabatda “Aziada-2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp görüp, bu ýerde guralan “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlanyldy. Şu ýerde Türkmen gawunynyň güni mynasybetli naýbaşy bakja önümlerine bagyşlanylan baýramçylyk dabaralary hem geçirildi. Şu mynasybetli sport şäherjiginiň çäklerini gawundan doldurylan tekjeler, sergiler bezedi. Şolarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bakjaçylary...
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...