SOŇKY HABARLAR
HYYweÖU-niň we HGI-niň talyplary ýaşlary alyşmak MIRAI-2017 ýapon maksatnamasyna gatnaşdylar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 4-11-nji oktýabrda MIRAI-2017-niň çäklerinde Ýaponiýa gidip geldiler. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň goldaw bermeginde guralan halkara ýaşlar alşygy maksatnamasy dürli ýurtlaryň talyplarynyň arasynda aň-paýhas we ylmy gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Maksatnama gatnaşýanlar üçin Tokionuň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Keýo Uniwersit...
DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça maslahat geçirildi
Hökümet düzümleriniň wekilleri, diplomatlar, şeýle hem Merkezi, Günorta we Günorta-Günbatar Aziýa ýurtlarynyň bilermenleri ÝeHHG-niň goldaw bermeginde Owganysan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýedinji maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde gurnalan akademiki foruma gatnaşdylar. Owgan wekilýetine daşary işler ministriniň orunbasary Adela Raz ýolbaşçylyk etdi. HGI-de geçirilen duşuşykda Merkezi, Günorta we Günorta- Günbatar Aziýa ýurtlarynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge çemeleşmeler a...
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňelder
Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet baştutanynyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan hünärmenleriň çagyrylmagyny göz öňünde tutýan Kararynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde häzirki döwürde uniwersitetde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinden mugallymlar işleýärler. Şu okuw ýylynda ýurdumyz üçin täze ugurlar boýunça hünärmenleri...
Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Duşuşygyň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň ulag ulgamynda özara peýda...
GDA-nyň Sammitinde Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirilmeginiň strategiýasy bellenildi
Mälim bolşy ýaly, Soçide geçirilen Sammitde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite konsepsiýanyň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi. 10-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatda...
Ýurduň energiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň eksport mümkinçiligniň artdyrylmagyna gönükdirilendir
Şu ýyl Mary döwlet elektrik bekedinde hersiniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan gaz turbinalarynň ikisi işe giriziler. Bu ýerde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan garyşyk tapgyrly eklektrik bekediniň gurluşygy bellenilen möhletdäkiden öňe gidilip alnyp barylýar. Onuň düzüminde gaz turbinalarynyň 4-si, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlaryň 4-si, bug turbinalarynyň 2-si bar. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, täze energetika enjamy 2018-nji ýylyň dekabryna çenli işe giriziler. Häzirki wagtda onuň birinji n...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen...