SOŇKY HABARLAR
Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylyp, hemmämiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylyň ýakynlaşyp gelýändigini dabaraly buşlady. Müňlerçe çagalaryň we uly ýaşly türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň gatnaşmagynda şowhunly çäräniň dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýerde iň belent we owadan bezelen Baş arça oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä,...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINDE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDY
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi özüniň döredileniniň 10-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny gurnady. Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasyny, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri we ministrleriň or...
“MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZI: SEBITDE PARAHATÇYLYK WE GÜLLÄP ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA MERKEZI AZIÝA BILEN 10 ÝYL HYZMATDAŞLYK” ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NDA «HALKARA GATNAŞYKLARYNDA BITARAPLYK SYÝASATY WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI WE ONUŇ ÄHMIÝETI» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän dip...
ÝUNESKO “KÜŞTDEPDI” MILLI SUNGATYNYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ REPREZENTATIW SANAWYNA GIRIZILMEK BARADAKY ÇÖZGÜDI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgü...
MOSKWADA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ ÝEDINJI MASLAHATY BOLUP GEÇDI
2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreş...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Bitaraplygyň hallkara güni mynasybetli press brifing geçirdi
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bitaraplygyň halkara güni” baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Halkara Bitaraplyk gününi bagyşlanyp wagyz-düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň “Mainichi”, “Dentsu”, “Fuji television network inc.”, “The Tokyo shimbun” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, “Japan-Eurasia” jemgyýetçiliginiň wekilleri...