SOŇKY HABARLAR
Ýaşulular maslahatynyň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasy beýan edildi
Ýaşulular maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi. Bu taslama tanyşmak üçin mejlise gatnaşyjylara berildi. Milli Liderimiz bu resminamanyň esasy ugurlary barada durup geçip, maksatnamada Garaşsyz Watanymyzy ýokarda görkezilen döwürde durmuş-ykdys...
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ös...
Döredijilik ruhy göterilişiniň baýraklary
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Köp müňýyllyk taryhy, özboluşly medeni mirasy we milli gymmatlyklary bolan türkmen halky tutuş adamzadyň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýeti we däp-dessurlary täze man...
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ählihalk ýowaryna badalga berdi
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýynda toý...
„Galkynyş“ gaz ýatagynda bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz çykarýan skwažina işe girizildi
„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri „Galkynyş“ gaz ýatagynda gije-gnüdiziň dowamynda 2 million tebigy gaz çykarýan 280-nji skwažinany ulanmaga berdiler. Gaz çykarylyşda ilkinji gezek tehnologik enjamlary „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünäermenleri daşry ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýçleri blen ýerine ýetirdiler. „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmenleri „Petrofak“ (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik k...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy
6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen a...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...