RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Iýun

TÜRKMENISTAN “EKSPO – 2025 OSAKA” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR

Türkmenistanyň “EKSPO – 2025 bütindünýä sergisine” gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleriniň çäklerinde türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Ýaponiýanyň “2025 - Bütindünýä sergisi” boýunça Assosiasiýasy we Osaka şäher häkimligi bilen duşuşyklary geçirdi.   Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň agzalan serginiň işine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk we tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
22 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ BAE SAPARY TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi. Soňra tanyşdyryly...

DOWAMY
22 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ PARLAMENT IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynd...

DOWAMY
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI WE BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI MEJLISINIŇ SAÝLANAN BAŞLYGY (TRINIDAD WE TOBAGO) DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA GOL ÇEKDILER

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili jenap Dennis Frensisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasy...

DOWAMY
21 Iýun

BAE-DE TÜRKMEN-EMIRLIKLER AKADEMIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy. Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi. Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen g...

DOWAMY
20 Iýun

SUW BAÝLYKLARYNDAN TYGŞYTLY PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda gibrid görnüşinde “Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy” atly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialo...

DOWAMY
20 Iýun

“MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNYŇ DIWANY” ATLY IKI TOMLY NEŞIRIŇ SOWGAT BERILMEGINE BAGYŞLANAN MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diwany” atly pars dilindäki iki tomdan ybarat neşiriň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistan Ylym...

DOWAMY