RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-...

DOWAMY
20 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NYŇ BAŞ EDARASYNDA TERRORÇYLYGA GARŞY ÝOKARY DEREJELI HEPDELIGE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar. 19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde - BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek ü...

DOWAMY
19 Iýun

TÜRKMENISTANDA SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildi...

DOWAMY
19 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekil...

DOWAMY
19 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPARLAMENT BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Türkmenistan b...

DOWAMY
19 Iýun

ÝUNOPS BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibind...

DOWAMY
19 Iýun

SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. B.Mätiýew Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işleriniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda türkmen-slowakiýa gatnaşyklarynyň häzirki ikitaraplaýyn gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň...

DOWAMY