SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekde...
Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen Bir penjire ulgamy boýunça tejribe alyşylydy
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzda Gümrük gullugy tarapyndan ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän wezi...
Türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagy hakynda
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuş...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...
Ýaponiýaly bilim işgärleri bilen hyzmatdaşlyk
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda, institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen h...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitarap...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Täze Zelandiýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Täze Zelandiýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Hamiş Kuperiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar duşuşykda halkara guramalarynyň, esasan hem Birleşen Milletler...