SOŇKY HABARLAR
Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunçaça ýerine ýetiriji direktory jenap Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki zamanyň wajyp temalarynda bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn...
Делегация Туркменистана приняла участие в работе 148 Ассамблеи Межпарламентского союза
В период 23-24 марта текущего года делегация Туркменистана под руководством Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой в целях участия в работе 148 Ассамблеи Межпарламенстского союза (МПС) осуществила рабочий визит в г.Женеву, Швейцарская Конфедерация. В рамках визита 23 марта 2024 года делегация Туркменистана приняла участие в работе Форума женщин парламентариев, сегменты которого были посвящены перспектив гендерной политики и роли женщин-миротворцев, способствующих устойчивому миру....
Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady
2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy. Ol ýerde Podmoskowýeniň Krasnogorsk şäherindäki «Crocus City Hall» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş otagynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrandan soň, R.Mer...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...
Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty
Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Rimde halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...
Ulag hyzmatdaşlygy türkmen-italýan gepleşikleriniň üns merkezinde
2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatda...