img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Sen

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-iň ulgamy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly esasy ugurlaryny ara alyp maslahatla...

DOWAMY
pic
24 Sen

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk w...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ik...

DOWAMY
pic
22 Sen

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi» kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we Türkiýe Respublikasynyň «Gap Inşaat Ýaty...

DOWAMY
pic
22 Sen

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini belledi. Hususan-da, ýakynda Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri,...

DOWAMY
pic
22 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...

DOWAMY