RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Mar

ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Syýasy-diploma...

DOWAMY
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň bu ha...

DOWAMY
6 Mar

BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Özbek tarapynyň wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi. Me...

DOWAMY
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ COVID-19 BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA ARAGATNAŞYK TOPARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýle...

DOWAMY
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...

DOWAMY
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI BMG-HABITAT-YŇ SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji martynda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-HABITAT) Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy B.Derkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylda Türkmenistanda Arkadag atly täze akylly şäheriniň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar...

DOWAMY
28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ASTANADA «C5+1» FORMATDAKY MEJLISINE GATNAŞMAGYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Ser...

DOWAMY