Türkmenistanyň wekiline Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Milli syýasy ylymlar institutynyň diplomy gowşuryldy

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Bayramow Ýaponiýanyň syýasaty öwreniş boýunça Milli aspirantura instituty (GRIPS) tarapyndan Tokio şäherinde geçirilen uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabaryň barşynda GRIPS-iň prezidenti hanym Hiroko Ota, bu institutyň taryhynda 120-den gowrak döwletden 6000-den hem köp uçurymlaryň bolandygyny aýdyp, olaryň öz alan bilimlerini we tejribesini ähliumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşmak üçin ugrukdyrýandyklaryny belledi.

Şu ýyl 50-den gowrak döwletden bolan uçurymlaryň arasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wekili Perhat Çaryýewe Tebigy begbagçylyklary dolandyrmak syýasaty boýunça maksatnamanyň Seýsmologiýa, seýsmiki inžener ylymlary we tsunamileriň täsirini azaltmak ugrundan magistr derejesini tassyklaýan diplomy gowşuryldy.