RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝOLÇULARYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşi bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ählumumy ulag dialogyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşygy, ulag pudagynyň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşd...

DOWAMY
25 Few

"ARKADAG" ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şä...

DOWAMY
25 Few

TÜRKMENISTANDA WODOROD ENERGIÝASY BOÝUNÇA GEÇIRILEN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNYŇ IŞINE ÝAPON WEKILLERI GATNAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan geçirilen “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Agzalan halakara ylmy-amaly masalahatyň işine Ýaponiýanyň “Itochu Corporation”, “Iwatani Corporation” we “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşyp, olar öz kompaniýalarynyň wodorod ulgamynda alyp bar...

DOWAMY
24 Few

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY BARADAKY KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň "Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak" atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň taslamasyna seredildi. Türkmen tarapy bu kararnamany hödürlemek bilen, 2007-nji ýylda Aşgabatda döredilen...

DOWAMY
24 Few

YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň ze...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMEN-BRITAN “GURLUŞLAÝYN DIALOGY”ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÄHLUMUMY ÝAŞYL ÖSÜŞ INSTITUTYNYŇ (GGGI) WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Netijeli halkara daşky gurşaw gepleşiklerini güýçlendirmek çarçuwasynda Türkmenistan hökümeti döwletiň ykdysady bähbitlerini degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen birleşdirmäge uly üns berýär. BMG-nyň Durnukly ösüş "Rio + 20" konferensiýasynda eden çykyşynda Türkmenis...

DOWAMY