SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler. Şeýle hem, tarapl...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...
TÜRKMENISTAN UKRAINA YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI
Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.
TÜRKSOÝ BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi. 2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30-ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreler...
TÜRKMENSTAN BILEN HALKARA ATOM ENERGIÝASY AGENTLIGIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ugu...
TÜRKMEN-AWSTRIÝA SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR BARADA
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaranyň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, s...
KATARDA TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY AÇYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Resmi açylyş dabarasyndaky çykyşlarda nygtalyşy...