Ylym we ýokary tehnologiýalar ugrunda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Hususan-da, ösen tehnologiýaly ylmy önümçilikleri döretmek we sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu babatda, ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryna üns çekildi. Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar mundan beýläk-de bilelikdäki duşuşyklara we seminarlara işjeň gatnaşmak babatynda ylalaşdylar.