Tapylan netije sany: 3204
TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEH RESPUBLIKASYNYŇ ULAG ULGAMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da howa we demir ýol ulaglary ýaly ugurdaş pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boýunça meselelere üns berildi. Şeýle hem, raýat awiasiýasy babatyndaky hukuk binýadyň ösdürilmegi barada aýratyn bell...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ABŞ-NYŇ OWGANYSTANYŇ MESLELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başla...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE DOSTLUK ORDENINI GOWŞURDY
Resmi saparyň dowamynda Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Rus Lideri bu çözgüdi beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly, hakykatdan-d...
MOSKWADA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde horma...
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak
Выход из гражданства Туркменистана осуществляется на основании добровольного волеизъявления гражданина. Документы на оформление выхода из гражданства Туркменистана принимаются от граждан Туркменистана, выехавших на постоянное жительство за границу в установленном законом порядке и не имеющих места жительства на территории Туркменистана, а также состоящих на консульском учете в консульском отделе Посольства.
Для выхода из гражданства Туркменистана необходимо предоставить нижеуказанный перечень...
Pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.07.2021 senedäki 2300 belgili we 28.04.2022 senedäki 77 belgili kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda möhleti dolan ýa-da dolýan Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana girmek üçin pasportlary 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutmagy esasynda, Türkmenist...
BERLINDE TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Şu gün, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşly...
MAŞGALA ÝAGDAÝY BARADA KEPILNAMA
Türkmenistanda ýaşan döwri üçin maşgala ýagdaýy barada kepilnama almagyň
TERTIBI
Nika ýagdaýy barada kepilnama almak üçin aşakdaky resminamalary Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň konsullyk bölümine tabşyrmaly:
- Konsullyk bölümine ýüz tutma - arza (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- Soragnama (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- Resminamalary talap etmek boýunça soragnama (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- 1 reňkli surat 3x4 sm;
- Pasport...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Kabul edýän tarapyň wekili bilen howa menziliniň resmi wekiliýetler otagynda geçen gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejes...