Tapylan netije sany: 3201
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyn...
TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy.
Duşuşykda Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy.
Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolba...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNDA YNSANPERWERLIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ynsanperwer çäresi geçirildi.
Çäre owgan tarapynyň haýyşy boýunça, ýaňy-ýakynda türkmen tarapynyň bu saglyk öýüni düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli gurnalyp, onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk...
AŞGABATDA ULAG BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady.
Aşgabatda geçirilen bu foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşdy we olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary (BMG, ESCAP, ÝHHG, USAID, IRU, TRACECA), milli we halkara ulag we logistika...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň...
TÜRKMEN-RUS STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi....
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY BAŞ KONSULY ÖZ WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMÄGE GIRIŞDI
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda EYR-nyň Baş konsuly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna öz Konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, B.Mätiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyny täze işe girişmegi bilen gutlamak bilen, oňa k...
ÝAPONIÝANYŇ SOKA UNIWERSITETI BILEN TANYŞDYRYŞ MASLAHATY
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen milli diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi Soka uniwersitetinde bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň aýratynlygy bilen (gibrid formatda) tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Maslahata Halkara gatnaşyklary hem-de D.Azady adyndaky TMDDI-niň professor-mugallymlary we ýapon dilini öwrenýän talyplary, Ýaponiýada alyş-çalyş maksatnamas...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/114757TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
Täç geýdirmek dabarasy Westminster ybadathanasynda geçdi.