Tapylan netije sany: 3201
"Ýylyň Zenany" atly milli bäsleşigiö jemi jemlendi
Конкурс организован Союзом женщин и нацелен на повышение социального статуса представительниц прекрасной половины туркменского общества, повышение их личностного потенциала и профессиональный рост.
Традиционный смотр, проводимый в преддверии Международного женского дня, определяет наших лучших соотечественниц в семи номинациях: «За высокие профессиональные способности», «За сохранение искусства национального художественного рукоделия», «За распространение духовных ценностей и национального к...
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 4 medala eýe boldular
Ýurdumyzyň türgenleri jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça Abu-Dabide (BAE) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medala eýe boldular.
21 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde iki medaly ýygyndy toparymyzyň ussatlary Saýara Awezmetowa we Gülbahar Madreýimowa gazandylar. Ýaryşyň deslapky tapgyrlaryndan soňra ýarym finalda olar özara duşuşdylar, şunda Saýara üstün çykdy. Ol finalda wýetnamly bäsdeşini ynamly ýeňip, öz agram dere...
«TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýyl «Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýilip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň d...
Türkmen suratkeşleri özleriniň iň gowy işlerini görkezdi
В столичном выставочном центре развернута выставка произведений живописи, графики и народно-прикладного искусства, посвященная Международному женскому дню. Праздничную экспозицию составили работы 43 художниц: известных и только начинающих. «Натюрморт» одной из них – студентки Академии художеств Джейран Умаровой – колоритная прелюдия к знакомству с творческой палитрой ярких представительниц национальной культуры.
Внимание почитателей этно-стиля привлекла самобытная коллекция национальной одеж...
TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR
2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.
Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.
Bu bahar baýramy Türkmenistanda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär, şol däp-dessurlar halkymyzyň aýal-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa, enelere goýýan belent sarpasyny beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özünde mähirliligi hem-de rehimdarlygy, wepalylygy we pähim-paýhasy, gözelligi hem-de çeper el işine ussatlygy...
Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijeleri jemlenildi
Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy.
HPG-niň wekiliý...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýöriteleşdirilen sergide öz üstünliklerini görkezer
17-18-nji martda geçiriljek sergi hem-de maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde TSTB-nyň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalary gazanan üstünliklerini görkezerler.
Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netij...
OWGANYSTANYŇ HALKARA GOLDAWY MESELELERINDE BMG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ TAGALLALARYNY UTGAŞDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN BMG-NIŇ HG-NIŇ REZOLÝUSIÝASYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy.
Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentini...