Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilel...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...
TÜRKMENISTANYŇ KARATE FEDERASIÝASY ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HORMATLY SYLAGYNA MYNASYP BOLDY
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýukiniň Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň ýolbaşçysy Ýaşuzak Mämmetnazarow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi sportuň şu görnüşini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň başlygyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň hormatly sylagyny gowşurdy. Ýeri gelende bellesek, Karate federasiýasy ýurdumyzda bu sport görnüşi boýunça yzygiderli ýaryşlary gurap gelýär.
Esaslandyrylan senesinden, ýagny...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.
W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp yly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Günüň dogýan ýurdunyň» öňd...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SUKUBA UNIWERSITETINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky...
GÜNÜŇ DOGÝAN ÝURDUNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE AMALA AŞYRAN SAPARY
Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýär. Türkmen we ýapon gatnaşyklary barada gürrüň edilende bu iki halkyň medeniýetiniň hem-de milli mirasyna, däp-dessurlaryna sarpa goýmaga bolan hyjuwly häsiýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň meňzeşd...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/120968PARIŽDE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan döwlet derejesinde saparlary guramagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit syýasatynyň iň möhüm meseleleri...
TURKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti t...
TÜRKMEN TARAPYNYŇ TOKIODA GEÇIRILEN YLYM WE TEHNOLOGIÝA MASLAHATYNA GATNAŞMAGY
2023-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda Tokio şäherinde “Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýa – 2023” atly halkara maslahaty geçirildi, onuň işine Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ylmy we bilim toparlarynyň hünärmenleri, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdy.
Türkmen tarapynyň çykyşynda ýakynda ýurdumyzda häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän...