Tapylan netije sany: 3201
Aşgabatda Malaýziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-...
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitg...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.
Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaş...
Owganystanyň gatnaşmagyndaky ykdysady taslamalar amaly häsiýete eýe bolýar
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi.
Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat...
Türkmenistanyň wekiline Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Milli syýasy ylymlar institutynyň diplomy gowşuryldy
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Bayramow Ýaponiýanyň syýasaty öwreniş boýunça Milli aspirantura instituty (GRIPS) tarapyndan Tokio şäherinde geçirilen uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy.
Dabaryň barşynda GRIPS-iň prezidenti hanym Hiroko Ota, bu institutyň taryhynda 120-den gowrak döwletden 6000-den hem köp uçurymlaryň bolandygyny aýdyp, olaryň öz alan bilimlerini we tejribesini ähliumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşmak üçin ugrukdyrý...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşygy hakynda
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşygy geçirildi.
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky...
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilm...
Türkmenistanyň DIM-de durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...
Türkmenistan we Germaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi goldaýarlar
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri...
Türkmenistanyň DIM-nde Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de logistika infrastrukturasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Awtoulag pudagynda Türkmenistan bile...