Tapylan netije sany: 3201
Türkmen-ýapon özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady w...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde Malaýziýanyň Hökümet binasynda — Perdana Putrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buz...
Türkmen halkynyň Milli Lideri we BMG-niň Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duý...
“EKSPO 2025 Osaka” - Halkara Gatnaşyjylaryň Ýygnagy
2025-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Himeji şäherinde “ESKPO 2025 Osaka” Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara ýygnagy geçirilýär.
Duşuşyga “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine gatnaşýan 100-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Halkara ýygnagyň dowamynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi
2025-nji ýylyň 13-16-njy ýanwary aralygynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri Ýaponiýanyň birnäçe edaralarynda bolup, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça özara bähbitli meseleler barada gepleşik geçirdi.
Ýaponiýanyň awiasiýa edaralary bilen geçirilen duşuşyklarda Aşgabat bilen Tokionyň arasynda ýük howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada hem maslahat edildi.
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...
Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň direktory Hiroýuki Ýuşitanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu babatda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşi...
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň KONSEPSIÝASY
Soňky ýyllarda bolup geçen tendensiýalar we wakalar halkara we döwletara gatnaşyklarynda çynlakaý üýtgeşmelere, ählumumy we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegine hem-de ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna şaýatlyk edýär.
Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürli bolup durýar, ýöne halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýäniň gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda we düşünjelerde ynanyşmak ýagdaý...